Türkmenistanda agaç oturtmak möwsümine taýýarlanylýar

18:2207.02.2015
0
3940

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanda ýazky agaç oturtmak möwsümine taýýarlanylýar. Bu çäräniň çäklerinde Aşgabadyň töwereklerinde we welaýatlarda täze ýaprakly, pürli, miweli we üzüm nahallary oturdylar.

Şu ýyl Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde pudaklaýyn ministrlikler we edaralar, şeýle hem welaýat häkimlikleri tarapyndan agaç oturtmak işleriniň gerimi has-da giňeldiler. Munuň özi daşky gurşawy goramak, türkmenistanlylaryň amatly şertlerde ýaşamaklaryny üpjün etmek babatdaky meseleleri oňyn çözmäge ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň