Soňky habarlar

Arhiw

Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýylda köp çagaly enelere dakylýan “Ene mähri” diýen hormatly ada dalaşgärlige hödürlemek işleri başlandy

12:5807.02.2015
0
13320

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň  Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa durmuş-ykdysady özgertmeleri we türkmen jemgyýetiniň demokratiýalaşdyrylmagyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça parlamentiň işi barada aýdyp, täze kanunlaryň, şol sanda tebigatyň goralmagyna, bedenterbiýä we sporta, medeniýete we durmuş meselelerine, adam hukuklaryna we beýlekilere degişli kanunçylyk resminamalarynyň taslamalary boýunça işleýändikleri barada gürrüň berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň gender meselelerini çözmek, köp çagaly maşgalalara goldaw bermek boýunça üstünlikleri gazanýandygyny belläp, her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşy babatda geçirilýän özgertmelere degişli meseleleriň çözülmegi hem-de halk maslahatlarynyň täze agzalarynyň netijeli işlemegine ýardam berilmegi Milli Parlamentiň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda halk maslahatlarynyň täze agzalary üçin okuw maslahatlary guralýar.

Parlamentarileriň döwlet we jemgyýetçilik düzümleri bilen birlikde, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, olaryň ulanylmagyna garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça hemişelik esasda alnyp barylýan işe aýratyn üns berýändikleri bellenildi.

Aýdylanlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentarileriň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamak, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegine üns bermek arkaly, öz saýlawçylarynyň iş-aladalary bilen içgin gyzyklanyp durmalydygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň