Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Goçyýew ýurdumyzda maldarçylyk önümleriniň, hususan-da, deri we ýüň önümleriniň eýlenmegi, işlenilip taýýarlanylmagy, eksport edilmegi bilen baglanyşykly geçirilen seljermeleriň netijeleri barada habar berdi.
Içerki bazarlarda deri we ýüň önümlerini eýlemek, olaryň ilkinji gaýtadan işlenilmegini tertibe salmak maksady bilen, Telekeçiler we senagatçylar birleşiginiň agzalaryna çig malyň bu görnüşlerini ilatdan bäsdeşlik bahasyndan kabul etmäge we olary daşary ýurtlara bazar bahasyndan satmaga rugsat bermek teklip edildi. Munuň özi ýurdumyza gelip gowuşjak maliýe serişdelerini, maldarlaryň girdejilerini artdyrar. Şeýle hem maldarçylyk pudagynyň gelejekde hem ösmegine, ýurduň bazarlarynda ýerli et we süýt önümleriniň bolçulygynyň döremegine giň mümkinçilikleri döreder.