Soňky habarlar

Arhiw

AFC-23: Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy saýlama oýunlara ýer eýelerine garşy duşuşykdan başlar

16:5406.02.2015
0
3356

Aşgabat, 06.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama oýunlaryna (U-23) ýer eýelerine — pakistanlylara garşy duşuşykdan başlar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berdiler.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekişlige laýyklykda, Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy Iordaniýanyň, Kuweýtiň, Gyrgyz Respublikasynyň we Pakistanyň toparlary bilen “B” toparçany emele getirdi. Duşuşyklar 2015-nji ýylyň 23 — 31-nji marty aralygynda Pakistanda geçiriler.

“B” toparçasyndaky oýunlaryň geçiş tertibi:

1-nji tapgyr, 23-nji mart

Gyrgyz Respubliksy — Kuweýt

Türkmenistan — Pakistan

2-nji tapgyr, 25-nji mart

Pakistan — Iordaniýa

Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy

3-nji tapgyr, 27-nji mart

Kuwaýt — Pakistan

Iordaniýa — Türkmenistan

4-nji tapgyr, 29-njy mart

Kuweýt — Türkmenistan

Gyrgyz Respublikasy — Iordaniýa

5-nji tapgyr, 31-nji mart

Pakistan — Gyrgyz Respublikasy

Iordaniýa — Kuweýt

Aziýa çempionatynyň saýlama oýunlaryna (U-23) 10 toparça bölünen 43 ýurduň toparlary (final bölegiň ýer eýelerinden başga) gatnaşar.

Beýleki toparçalar bilen tanyşdyrýarys: “A” Yrak, Oman, Bahreýn, Liwan, Maldiwlar; “C” Saud Arabystany, Eýran, Nepal, Palestina, Owganystan; “D” BAE, Ýemen, Täjigistan, Şri-Lanka; “E” Siriýa, Özbegistan, Hindistan, Bangladeş; “F” Awstraliýa, Mýanma, Gonkong, Taýwan; “G” KHDR, Tailand, Kamboja, Filippinler; “H” Koreýa Respublikasy, Indoneziýa, Gündogar Timor, Bruneý; “I” Ýaponiýa, Malaýziýa, Wýetnam, Makao; “J” Hytaý, Laos, Singapur, Mongoliýa.

Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň (U-23) final böleginde çykyş etmäge toparçalaryň 10-synyň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orunlary eýelänleriň iň gowy netije görkezenleri we ýaryşlary geçirýän ýurduň topary ýollanma gazanarlar.

Final bölegiň netijeleri boýunça iň gowy üç topar 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Aziýa wekilçilik eder.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň