Türkmen şäheri Türkmenbaşy Gazagystanyň Aktausy bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak isleýär

0
3134
0
0

Aşgabat, 06.02.2015. “Türkmenportal”.

Dünýäniň bäş şäheri, şol sanda Türkmenbaşy Aktau bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga isleg bildirdi. Türkmenbaşydan başga-da, Hytaýyň Didžao we Lýanýungan, şeýle hem Litwanyň klaýpeda, Rumyniýanyň Konstansa şäherleri şeýle karara geldiler. Bu barada “Казинформ” salgylanyp “Kapital.kz” habar berýär.

2014-nji ýylyň netijeleri boýunça Aktau GDA-nyň we ЕврАзЭС “Ýaşasym gelýän şäheri” atly bäsleşiginiň  VII halkara gözden geçirilişinde ýeňiji boldy.

Aktau şäheriniň özüneçekiji bolmagynda “Milletara ylalaşygyň pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi”, “E-Region” (ýaşaýyş-durmuş hyzmatlarynyň meseleleriniň mobil dolandyrylyşy) guralyşyny dolandyrmak, “Her ýylda fuzal boýunça Aktau şäheriniň açyk çempionatyny guramak we geçirmek” ... ýaly taslamalar agzalyp geçilýär.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat eýýäm Aktau bilen doganlaşan şäherdir.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru