Aşgabatda iki etrap birikdirildi

0
1157
0
0

Aşgabat, 05.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Mejlisi “Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” Karar Kabul etdi. Resminama laýyklykda Aşgabat şäheriniň iki etraby (Çandybil we Arçabil) etraplary birikdirildi.

Arçabil adyny aljak täze etraba Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginde 3910 ga bölünip berler.

Çandybil eteabynyň ýapylandygy sebäpli bu etrabyň halk maslahatynyň agzalary Arçabil etrabynyň halk maslahatynyň düzüminde degişli möhletde saklanyp galar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen täze döredilen etrabyň häkimi wezipesine Çary Akyýewiç Baýmyradow bellenildi. Şeýle hem yurt Baştutanynyň Karary bilen etrap häkiminiň üç orunbasarynyň ady belli boldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru