Soňky habarlar

Arhiw

2015 — 2016-njy ýyllarda Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasy adamlara hyzmat eder

07:3705.02.2015
0
7198

Aşgabat, 05.02.2015. “Türkmenportal”.

4-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtyň häkimliginde geçiren maslahatynda 2015-2016-nji ýyllarda Aşgabat şäherini ösdürmegiň Konsepsiýasy bilen bagly meselä seredildi. Onda Aşgabat şäheriniň ähli düzümlerini, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary, binagärlik-gurluşyk işleriniň tapgyrlary, ähli ulgamlary — senagat, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlaryndan ylma, sporta we syýahatçylyga çenli öz içine alýan ugurlara maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň çäreleri kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu maýilnamanyň ýerine ýetirilmegi we paýtagtyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada öňde durýan wezipeleri anyklaşdyrdy. Şunda dünýä ülňülerine, innowasiýalara döwlet syýasatynyň ileri tutulýan sosial meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

2013-nji ýylda paýtagtymyzyň çägi has-da giňeldi. Aşgabadyň düzümine Ahal welaýatynyň Ruhabat etraby we Abadan şäheri girizildi. Munuň özi 37 müň gektardan gowrak ýerdir. Şeýlelikde, Aşgabadyň eýeleýän çägi iki essä golaý artdy we ol 70 müň gektara golaýlady. Şäheriň çäginiň üýtgemegi, ilatynyň artmagy we beýleki ugurlaryň üýtgemegi bilen, şäheri ösdürmegiň täze konsepsiýasyna zerurlyk ýüze çykdy. Ol aýry-aýry etraplaryň baş meýilnamasynyň we dürli meýilnamalaýyn taslamalaryň esasyny düzdi.

Paýtagtymyzyň çäkleriniň giňeldilmegi diňe bir şäheri işjeň ösdürmek zerurlygy bilen däl-de, eýsem, ol paýtagtymyzyň etegindäki etraplaryň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini güýçlendirmek, olaryň durmuş ösüşini işjeňleşdirmek we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen berjaý edildi. Bu çözgüt Aşgabadyň durmuşynda täze sahypany açdy. Çünki munuň özi birnäçe maksatnamalaýyn ulgamlaryň ösüşine gönükdirilendir. Ol, ilkinji nobatda, adamlar üçin amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine, ähli ölçegler boýunça durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň çözülmegine paýtagtymyzyň goşandynyň ýokarlanmagyna, iň esasy bolsa Aşgabadyň möhüm halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmündäki ähmiýetiniň artmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň paýtagtymyzy ösdürmek, dünýä derejesinde belentlige çykan şähergurluşyk we binagärlik ulgamyna goşan saldamly goşandy üçin 2013-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly at dakyldy.

2015 — 2016-njy ýyllarda Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasy maksady adamlara hyzmat etmekden, olaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňat şertleri döretmekden ybaratdyr.  

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň