Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýar

00:2805.02.2015
0
2928

Aşgabat, 05.02.2015. “Türkmenportal”.

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Geçen döwürde türkmen-horwat gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlary boýunça işjeňleşdirilendigini bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak maksady bilen, Hökümetara toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Gumanitar gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler duşuşykda netijeli ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bagly döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hasaplanýan medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek hakyndaky teklip öňe sürüldi. Syýahatçylyk we sport özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şu gün hökümetara topar öz işini dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň