Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy

0
878
0
0

Aşgabat, 04.02.2015. “Türkmenportal”.

Russiýa Federasiýasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär diýip, iş sapary bilen biziň ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynyň barşynda belläp geçdi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlarynyň geçen ýylyň sentýabrynda Astrahanda, IV Hazar sammitiniň çäklerinde bolan duşuşygy mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň we hyzmatdaşlygyň meselelerine oňaýly çemeleşmeleri kemala getirmegiň täsirli guraly hökmünde Hökümetara türkmen-russiýa toparyna möhüm orun berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, bilim we ylym ulgamynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Häzirki wagtda Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebi bu gatnaşyklaryň aýdyň nyşanlarynyň biridir. Şunda milli Liderimiz we myhman medeniýet we sungat ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini bellediler.

Söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmek meselesi barada durup geçip, geljekki nesilleriň parahat we bagtyýar ýaşaýşy üçin faşizme garşy bilelikde söweşen doganlyk halklaryň edermenligini alamatlandyrýan bu şanly senäniň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň ýolbaşçysy ilkinji nobatda, sebit we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplaryň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geçirilýän we netijeli häsiýete eýe bolan geňeşmeleri dowam etmäge çalyşýandygy beýan edildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2015-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru