Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanly žurnalistler Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky iň gowy makalalaryň bäsleşigine gatnaşar

20:0803.02.2015
0
3190

Aşgabat, 03.02.2015. “Türkmenportal”.

Şu ýyl Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasyna laýyklykda, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyna 20 ýyl dolýar. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň maslahatynda “2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Şiri Şiriýew “12news.uz” saýtyna beren beýanatynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmak bilen öz üstüne uly jogapkärçilik alýandygyny we onuň hötdesinden gelmek üçin yzygiderli iş alnyp barylýandygyny nygtady. “Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş – Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr” diýip, ilçi sözüni jemledi.

Dabaraly  waka mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda döwlet baştutanlarynyň, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatyny geçirmek maksat edinilýär. Şeýle-de BMG-niň we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda iri forumlary guramak göz öňünde tutulýar.

 Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň arasynda Özbegistanyň žurnalistleriniň arasynda yglan ediljek Bitarap Türkmenistan baradaky iň gowy makalalaryň bäsleşiginiň hem bardygyny aýtmalydyrys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň