Parahatçylygyň we milletimiziň jebisliginiň pugtalandyrylmagy türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşynyň hökmany şerti bolup durýar

0
525
0
0

Aşgabat, 03.02.2015. “Türkmenportal”.  

2015-nji ýylyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işlere bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew harby ulgamda amala aşyrylan düýpli özgertmeler, şeýle hem döwletimizde abadançylygy we asudalygy saklamak babatda ministrlik tarapyndan ýanwar aýynda edilen işler barada Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

— Parahatçylygy, milletimiziň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmagyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki arzyly maksatlara ýetmek ugrunda ynamly öňe barýan halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň hökmany şerti bolup durýar  — diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de Milli howpsuzlyk ministrligine ýurdumyzy yzygiderli ösdürmekde berilýän ornuň möhümdigini aýratyn nygtady.

Soňra Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary geçen aýda edilen işler barada Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru