Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşjak küştçileriň atlary belli edildi

0
639
0
0

Aşgabat, 03.02.2015. “Türkmenportal”.

Aşgabat şäherinde 10 ýaşa ýetmedik çagalaryň arasynda geçirilen paýtagtymyzyň şahsy  birinjiliginde şu ýaş toprynda guraljak Türkmenistanyň çempionatynda çykyş etjek türgenleriň atlary kesgitlenildi. 

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda 117-nji mekdebiň okuwçysy Arzygül Atabaýewa (tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew) 9 döwde 9 utuk toplap çempionlygyny gorady. 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Güljan Seýitmyradowa bilen (talimçisi sport ussatlygyna dalaşgär Wladimir Annaýew) bilen 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Näzik Hojanyýazowa (talimçisi sport ussady Meretgeldi Amangeldiýew) degişlilikde, 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler.

Oglanlaryň arasynda 9 utuk toplan türkmen-türk mekdebiniň okuwçysy Jelil Ilamanowa taý tapylmady (talimçisi sport ussatlygyna dalaşgär Annamuhammet Atabaýew). 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Danil Wertýanow (talimçisi sport ussady Şanyýaz Annanyýazow) bilen 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Allanur Ataýew (tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, FIDE-niň ussady Serdar Baýramsähedow)  hem degişlilikde, 2-nji we 3-nji orunlary eýeläp, hormat münberine çykdylar.

Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň küşt sport mekdebi tarapyndan guralan birinjiligiň ýeňijileri we baýrakly orunlaryň eýeleri fewral aýynyň dowamynda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatynda öz başarnyklaryny görkezerler.

Ýakyn günlerde 12 ýaşa ýetmedik küştçileriň arasynda Aşgabat şäheriniň şahsy birinjiligi geçiriler.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru