Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy täze ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlar

22:3202.02.2015
0
10817

Aşgabat, 02.02.2015. “Türkmenportal”.

 “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy 2015-nji ýylyň 12-nji fewralyndan her hepdäniň 4-nji güni Aşgabat — Kuala-Lampur we Kuala-Lampur — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlar.

2015-nji ýylyň 13-nji fewralyndan bolsa “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy her hepdäniň 5-nji güni Aşgabat — Riga, Riga — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlar.

Has doly maglumat almak üçin “Türkmenportal” habarlar saýtynyň okyjylary şu salgy boýunça ýüz tutup bilerler: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Atatürk köçesi, 61-nji jaý.  Howa gatnawlary baş agentligi.

Telefonlary: 39-17-17, 39-17-18, 39-17-19, 39-17-20.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň