Gyş. Gripp. Profilaktika! Ýa-da lukmanlar näme maslahat berýarler?

0
830
1
0

Aşgabat, 03.02.2015. “Türkmenportal”.

 Grippiň döremegine getirýän wiruslar daş-töweregimizi hemişe gurşap alýar. Ol tiz özgermek ukybyna eýe bolansoň, bu kesel bilen köp gezek gaýta-gaýta keselläp bolýar. Wirus diýseň çalt ýaýraýar. Keselli adam üsgürende, asgyranda, gürleşende wirus saklaýan ownujak damjalary howa ýaýradýarlar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, gripp howa-damja ýoly bilen ýaýraýar.

Grippiň alamatlary

Kesel wagty siziň temperaturaňyz ýokarlanyp, kelle agyry, bogun agyry döräp, ondan soň üsgülewük, bokurdak agyry peýda bolýar. Şeýle ýagdaý bir hepdä çenli dowam edip bilýär.

Kähalatlarda kesel öýkene ýaýrap bronhit hem-de pnewmoniýa ýaly keselleri döredip bilýär. Bu ýagdaý köplenç, uly ýaşlylarda, çilim çekýänlerde, saglyk ýagdaýy ýaramaz adamlarda ýa-da demgysma keselinden ejir çekýänlerde döräp biler

Siz näme edip bilersiňiz?

Iň gowusy, özüňizi oňat duýýançaňyz, temperaturaňyz aşak düşýänçä dynç almaly. Günde 8 bulgura çenli suwuklyk içmeli (suw, şire suwy, arybally we limonly çaý). Esasan temperaturaňyz ýokarlanyp, kän derläp ugrasaňyz suwuklygy köp içmeli. Ajy çaý, kofe ýa-da alkogolly içgileri içmekden saklanmaly. Sebäbi olar bedeniň suw ýetmezçiligini has güýçlendirýär. Ter limon şerbedi, arybal garylan gyzgyn suw, arybal garylan gyzgyn süýt bokurdak agyryny gowşadyp, üsgülewügi ýumşadýar. Ýeňil naharlanmaly, özem diňe naharlanmak islän wagtyňyz naharlanmaly.

Agyryny aýyryjy we temperaturany peseldiji derman serişdelerini ulanyp bilersiňiz. Çagalara aspirin bermekden saklanmaly. Olar üçin iň gowusy dermanhanalardan çagalar üçin niýetlenen parasetamol almaly. Derman satyn alanyňyzda, aýratyn hem çagalar üçin ulanan wagtyňyzda, hökmany suratda  gabynyň ýüzüne ýazylan görkezme bilen tanyş boluň we şol esasda ulanyň!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru