2-nji fewral taryhda

09:1602.02.2015
0
3776

Aşgabat, 02.02.2015.. “Türkmenportal”.

2011-nji ýyl — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Köýtendag etrabynda döredilen iri senagat merkeziniň — Garlyk şäherçesiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli iş saparyna ugrady.

2009-nji ýyl — RN Safir-2 (“Wekil”), Eýran öz önümi bolan “Omid” (“Umyt”) hemrasyny Ýeriň arbitasyna çykarmagy üstünlikli amala aşyrdy.

2003-nji ýyl — Gazagystan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny kabul eden (ýurduň Prezidenti tarapyndan 18.02.2003 ý. gol çekilen) referendum geçirildi.

1993-nji ýyl — Özbegistanyň Prezidenti Islam Karimow “Ýere bolan hususy eýeçilik hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Özbegistanyň her bir raýaty 500 gektar meýdany bolan ýer böleginden ömürlik peýdalanmaga ygtyýar almaga hakly bolup durýar.

1986-njy ýyl — Lihtenşteýn zenanlary ilkinji gezek saýlawlara gatnaşdylar. 

1982-nji ýyl — “Mi-26” dikuçary 10 t ýüki 6,4 km belentlige göterdi.

1970-nji ýyl — Mýunhende ilkinji gezek nerw transplantasiýasynyň operasiýasy geçirildi.

1892-nji ýyl — Uilýam Peýtner çüýşäniň demir dykysyny ýasamaga rugsatnama aldy.

1886-nji ýyl — ABŞ-da ilkinji gezek resmi taýdan surogyň (gyşyna uka gidýän kiçijik gemrijiniň) güni baýram edildi.

1626-njy ýyl — iňlis şasy Karol I täç geýdirmek dabarasy boldy.

1536-njy ýyl — ispaniýaly konkistadorlar Buernos-Aýresi esaslandyrdylar.

962-nji ýyl — Otton I Mukaddes Rim imperiýasynyň impertory boldy.

Suw-batga peýdalarynyň Bütindünýä güni.

Azerbaýjan — Ýaşlar güni.

Meksika — Konstitusiýa güni.

Italiýa — kirpiniň güni.

Estoniýa — şemleriň güni    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň