Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň taý boksy boýunça I çempionatynda türgenlerimiz synagdan geçdiler

19:1101.02.2015
0
2403

Aşgabat, 01.02.2015. “Türkmenportal”.

Aşgabat şäheriniň “Galkynyş” sagaldyş-sport toplumynda geçirilen taý boksy boýunça Türkmenistanyň I çempionaty üstünlikli tamamlandy. Sportuň bu görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk sport desgalaryndaky we başa-baş göreş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýändigi  oňa bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.

Ýaryşlaryň ilkinji güni, ýagny 31-nji ýanwarda başlangyç bäsleşikler geçirilip, kimleriň baýrakly orunlar ugurnda göreşjekdigi belli edildi. 1-nji fewralda bolsa janköýerler final duşyşyklaryna tomaşa etdiler.

Bäsleşikleriň dowamynda Muhammet Gyylçnyýazow bilen Çary Şalarow görkezme çykyşlary boýunça çykyş etdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, türgenler jemi 12 agram derejesinde güýç synanyşdylar. Erkekler bilen bilelikde zenan türgenler hem taý boksy boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Taý boksy boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionlary

Erkekler

54 kg. Resul Araşow (Aşgabat)

57 kg. Orazmuhammet Myradow (Daşoguz)

60 kg. Rüstem Baýramdurdyýew (Aşgabat)

63,5 kg. Nurgeldi Ataýew (Aşgabat)

67 kg. Mustafa Saparmyradow (Aşgabat)

71 kg. Muhammetberdi Röwşenow (Aşgabat)

75 kg. Nurmämmet Tekaýew (Aşgabat)

81 kg. Anwar Haýydow (Aşgabat)

91 kg. Resul Resulow (Aşgabat)

+91 kg. Ýalkapberdi Tejenow (Aşgabat)

Zenanlar

60 kg. Aýgül Atadurdyýewa (Aşgabat)

71 kg. Aida Annamämmedowa (Aşgabat)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň