Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen-horwat maslahaty geçiriler

13:2301.02.2015
0
2888

Aşgabat, 01.02.2015. “Türkmenportal”.

5-nji fewralda Aşgabatda Türkmen-horwat täjirçilik maslahaty geçiriler. Onuň gün tertibine nebitgaz, energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk pudaklarynda, maliýe-bank ugrunda, şeýle hem ylym-bilim we medeniýet ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli meseleler giriziler.

Ikitaraplaýyn täjirçilik forumlaryny geçirmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara iş toparlary ýaly bilelikdäki düzümleriň işini ýola goýmaga Türkmenistanda uly ähmiýet berilýär. Şeýle duşuşyklar we çäreler netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, özara peýdaly gatnaşylaryň gerimini giňeltmegiň ýolunda ädiljek indiki ädimleri aýyl-saýyl etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy gelejekde has ösdürmek maksady bilen, 2014-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapyndan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-horwat iş toparynyň düzümini tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Iş toparynyň başlyklygyna Türkmenistandan ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer S. Satlykow bellenildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň