Soňky habarlar

Arhiw

Makedon “hozy” berk bolup çykdy

10:3901.02.2015
0
3063

Aşgabat, 1-nji fewral. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň futbol çempiony — paýtagtyň “Altyn asyry” Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady. Ildeşlerimiz 10-njy fewralda Aşgabatda AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň deslapky tapgyrynda “Al Sakr” topary (Ýemen) bilen boljak duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde jemleýji oýun geçirdiler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Makedoniýanyň çempionatynda 3-nji orny eýelän, mahal-mahal Ýewropa Kubogy ugrundaky bäsleşigiň deslapky tapgyrynda çykyş edýän “Şkendiýa” topary bilen duşuşdy.

Oýun biziň çempionymyz üçin şowsuz tamamlandy. Eýýäm 9-njy minutda Wruçina “Şkendiýany” öňe çykardy — 1:0. 41-nji minutda pökgi ýene-de “Altyn asyryň” derwezesinden geçdi. Makedoniýalylar munuň bilenem köşeşmediler. 51-nji minutda Juffo üçünji pökgini geçiren oýunçy boldy.

Türkmen futbolçylaryna bir jogap pökgüsini geçirmäge mümkinçilik döredi. Ýöne Didar Durdyýew 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň