Awstraliýa ilkinji gezek Aziýanyň kubogyny eýeledi

0
556
0
0

Aşgabat, 1-nji fewral. “Türkmenportal”.

Awstraliýanyň futbol ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogyny eýeledi. Ýer eýeleri bolan awstraliýalylar 76 müň tomaşaçynyň goldaw bermeginde jemleýji duşuşykda 2:1 hasabynda Koreýa Respublikasynyň toparyndan üstün çykdy.

Koreý futbolçylary finala örän oňat netije bilen geldiler. Olar ýeke pökgi hem geçirtmän, ähli oýunlaryny ýeňişli tamamladylar. Bu iki topar eýýäm toparçada duşuşypdylar. Şonda koreýalylar 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Ýöne muňa garamazdan, finalda Awstraliýa ýeňiş gazanar diýlip hasaplanýardy. Çünki bu gezekki Aziýa oýunlary hut şu ýurtda geçirilýärdi.

Duşuşykda esasy wagtda ähli pökgüler birinji we ikinji ýarymlaryň ahyrynda geçirildi. 45-nji minutda ýer eýeleriniň oýunçysy M. Luongo öz toparyny öňe çykarsa ikinji ýarymda goşulan ilkinji minutda “Baýeriň” hüjümçisi Son Hýun Min hasaby deňledi.

Goşmaça 30 minutda şowlulyk awstraliýalylara gülüp bakdy. Ilkinji 15 minutyň dowamynda ikinji ýarymda oýna giren Jeýms Troizi, Anže Postekoglunyň şägirtlerine ýeňiş getirdi.

Dörtýyllygyň yklym derejesindäki baş baýragyna mynasyp bolan Awstraliýanyň ýygyndysy öňde duran Konfederasiýanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikde çykyş etmäge hukuk gazanan üçünji topar boldy. Bu abraýly ýaryş 2017-nji ýylyň 17-nji iýun — 2-nji iýuly aralygynda Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Soçiniň we Kazanyň stadionlarynda geçiriler. Öň bu ýaryşda çykyş etmäge Russiýanyň (2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň ýer eýesi hökmünde) we Germaniýanyň (2014-nji ýylyň dünýä çempiony hökmünde) hukuk gazanypdylar.

Maglumat toplamagy halaýanlar üçin Aziýanyň Kubogy — 2015-iň finalynyň maglumatlarydyr netijeleri bilen tanyş edýäris.

Aziýanyň Kubogy — 2015. 31-nji ýanwar. Sidneý. “Awstraliýa” stadiony. 76 385 tomaşaçy.

Koreýa Respublikasy — Awstraliýa 1:2 (0:1, 1:0, 0:1)

Pökgüleri geçirenler: Luongo(45) — 0:1, Son Hýon Min (90+1) — 1:1, Troizi (105) — 1:2.

Koreýa Respublikasy: Kim Jin Hýon, Kim Jin Su, Kwak Taehwi, Kim Ýon Gwon, Jan Hýun Su, Ça Du Ri, Pak Ju Ho,( Han Kuk Ýon, 71), Son Hýon Min, Ham Tae Hi (Li Kýun Ho, 46), Ki Sun Ýon, Li Jonhýop (Kim Ju Ýun, 87).

Awstraliýa: Raýan, Franiç, (Makkeý, 74), Dewidson, Spiranowiç, Seýnsberi, Milligan, Leki, Ýedinak, Luongo, Kehill  (Juriç, 63), Kruz (Troizi, 71).

Duýduryş alanlar: Franiç (6), Dewidson (41), Spiranowiç (59), Ýedinak (66), Kruz (68).    

Emin: Alireza Fagani (Eýran).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru