Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy depgini güýçlendirýär

0
1004
2
0

Aşgabat, 31-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

2015-nji ýylyň ýanwarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda nebit we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depgini 106,2 göterime, tebigy we ugurdaş gazyňky 107,6 göterime, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara eksportynyň möçberleri bolsa 111,1 göterime barabar boldy.

2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebiti gaýtadan işlemegiň we käbir nebit önümleriniň, şol sanda awtoulag ýangyjynyň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, ýangyç mazudynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň möçberleri artdyryldy. Buraw işleriniň möçberleri-de 35,9 göterim ýokarlandy.        

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru