Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan “Kümüş Gündogar” sergisinde

16:5730.01.2015
0
11295

Aşgabat, 30-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu günler “Sarisino” muzeý-goraghanasynda “Kümüş Gündogar” segisi dowam edýär. Ol bu ýere gelýänleri Orta Aziýa halklarynyň XIX asyra we XX asyryň başlaryna degişli zergärçilik şaý-sepleriniň däp bolup gelýän kolleksiýasy bilen tanyşdyrýar. Uly köşgüň zallarynda Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Gyrgyz Respublikasyndan getirilen zergärçilik sungatynyň 150-den hem gowrak görnüşini saýlamak bolýar.

Türkmen şaý-sepleri belli bolşy ýaly, agramlylygy, takyk saýgaryp bolýan şekilleri we şelpeleriniň köplügi, haşamlan we oýulyp salnan nagyşly, hakyk daşly altyn goýlan bezegleri bilen şeýle gymmatlyklaryň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýär.

Özbek we täjik zergärleriniň işleri ownuk şaýlary, şelpe düzümleri, ownuk gaşla ulanylyp oturdylan nagyşlaryň bölek-bölekligi bilen tapawutlanýar. Gazak ussalarynyň işlerini bolsa häsiýetli geometrik  nagyşlardan tanamak bolýar. Gyrgyz zergärleri ýönekeý, kyn bolmadyk galypa giren nagyşly, birneme könelişen zatlary özünde jemleýär.

Sergi Orta Aziýanyň zergärçilik sungatyny täze röwüşde synlamaga, onuň gadymy däplerini we çeper keşbini ýakyndan duýmaga mümkinçilik berýär. Sergi 2015-nji ýylyň 12-nji apreline çenli dowam eder.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň