Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň täze derejesi gazanyldy

16:5530.01.2015
0
2440

Aşgabat, 30-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň barşynda Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mämedýarow ak mermerli Aşgabadyň özgerýän keşbine haýran galýandygyny, paýtagtymyzyň okgunly ösmeginiň belent sepgitlere ýeten we halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriň aýdyň subutnamasydygyny aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we  Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan belent derejesini hem-de özara bähbitleri, bar bolan kuwwaty we iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň umumylygyny nazara almak bilen, bu gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady we  ýangyç-energetika ulgamlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Däp bolşy ýaly, bu ulgamlarda  özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.  Ysnyşykly gumanitar we medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygy aýratyn bellenildi. 

Umumy pikire görä, Prezidentleriň derejesinde üçtaraplaýyn görnüşde geçiriljek duşuşyk tutuş sebitiň ösmegine saldamly goşant bolar. Bu duşuşyk şu ýyl türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda geçiriler.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň