ÝUNESKO mekdeplerde doly derejeli bedenterbiýe sapaklaryny geçmegi maslahat berýär

0
725
0
0

Aşgabat, 30-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Soňky döwürde Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde mekdeplerde sport derslerine berilýän sagatlaryň we bu maksatlar üçin goýberilýän serişdeleriň barha azaldylýandygyny görmek bolýar.

ÝUNESKO bu ýagdaýy öňki kaddyna getirmek üçin mekdeplere bedenterbiýe sapaklaryny girizmegiň we bu ugurda mugallymlary taýýarlamagyň ýörite gollanma işläp düzdi. Ol ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň şu günler Lozannada dowam edýän mejlisinde köpçülige hödürledi.

Beden işjeňliginiň ýetmezçiligi çagalarda semremek ýaly ýaramaz närsäni döredip bilýänligi bilen howpludyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň getirýän maglumatlaryna görä, dünýäde semremekden ejir çekýän çagalaryň sany 1990-njy ýylda 31 million bolanlygyndan 2013-nji ýylda 42 milliona çenli artdy.

“Ummultimedia. org” saýtynyň maglumatlary boýunça taýýarlanyldy.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru