Oba hojalyk pudagynda gruzin-türkmen hyzmatdaşlygy ösdürilýär

0
560
0
0

Aşgabat, 30-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Gruziýanyň oba hojalyk ministri Otar Daneliýa bilen Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçisi Döwletmyrat Myradow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we oba hojalyk pudagynda gruzin-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar — diýip, “Nowosti — Gruziýa” habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Otar Daneliýa türkmen diplomatyny Gruziýanyň oba hojalyk pudagynyň ösüş ugurlary bilen tanyşdyryp, ýurduň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan häzirki taslamalar bilen tanyşdyrdy. Ol Ýewrosaýuz bilen erkin söwda barada baglaşylan ylalaşykdan soň, ýurtda dörän mümkinçilikleri aýratyn belläp geçdi. Toparlar bu meselede gruzin-türkmen täjirçilik maslahatlarynyň guralmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. “Söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda biziň ýurtlarymyz uly mümkinçiliklere eýedir, biz onuň düýpli özleşdirilmegine ýardam etmäge taýýardyrys” diýip, Döwletmyrat Myradow belledi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, dänelik ekinler we pagta Türkmenistanyň oba hojalygynda esasy orny eýeleýär. Ýurduň günorta böleginde üzümçilik we çakyr önümçiligi, şeýle hem miweleri gaýtadan işlemek depginli ösdürilýär.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru