Soňky habarlar

Arhiw

30 ýanwar taryhda

09:2630.01.2015
0
2991

Aşgabat, 30-njy ýanwar. «Türkmenportal».

2013-nji ýyl –  Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginde «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösuş ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Ýokary gözegçilik edarasynyň, Merkezi bankyň, Baş döwlet salgyt gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

2013-nji ýyl – Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi. Ol Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlandy.   

2009-nji ýyl – Plesesk kosmodromyndan “Silkan — 3” raketa-göterijiniň kömegi bilen “Koranas-Foton” rus emeli hemra enjamy uçuryldy.

2007-nji ýyl – Windows Vista operasiýon gurluş satuwa çykaryldy.

1998-nji ýyl – GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Goranmak ministrlikleriniň şahsy düzümi bilen işlemek boýunça ýolbaşçy organlarynyň Komiteti döredildi.

1969-nji ýyl – Savile Row 3-de Apple Corps LTD-niň binasynyň üçeginde The Beatlesiň iň soňky konserti.

1894-nji ýyl – Çarlz King oýlap tapan urulýan çekijine patent aldy.

 1868-nji ýyl – Russiýada Çarlz Darwiniň tebigy seçgi baradaky kitaby çap edilýär.

Azerbaýjan. Gümrükhana işgärleriniň güni.

Hindistan. Hindistanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşijileriň ýatlama güni.

Russiýa. Aýaz babanyň we Garpamygyň güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň