Soňky habarlar

Arhiw

29-njy ýanwar taryhda

18:2029.01.2015
0
2739

Aşgabat, 29-njy ýanwar. «Türkmenportal».

2010-nji ýyl – Döwlet durmuş ätiýaçlandyrylyşyň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Döwlet durmuş ätiýaçlandyrylyşyna geçirilýän hasaplaryň we tölegleriň Düzgüni tassyklanyldy.

2000-nji ýyl – Las-Wegasyň kazinosynda ofisiant Sintiýa Jeý “Bir elli garakçy” awtomatynda 35 million dollar (dünýäde oýun awtomatlarynda gazanylan iň uly utuş) utdy.

1960-nji ýyl – ilkinji emeli böwrek döredildi.

1927-nji ýyl – Angliýada ilkinji gezek wanna otaglary bolan myhmahanalar peýda boldy.

1919-nji ýyl – ABŞ-nyň kongresi Konstitusiýa spirtli içgileri öndürmäge, daşamagy we satmagy gadagan edýän XVIII düzediş girizdi.

1896-nji ýyl – amerikaly fizik E. Grubbe dünýäde ilkinji bolup düwnük keseline garşy radioaktiw şöhläni ulandy.

1856-nji ýyl – Beýik Britaniýanyň şa zenany Wiktoriýa ýurduň iň ýokary harby sylagyny — “Wiktoriýanyň haçyny” döretdi.

1804-nji ýyl – Gündogar Ýewropanyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Harkowyň W. N. Karazin adyndaky milli uniwersitet açyldy.

1710-nji ýyl – Russiýa imperiýasynda imperator Pýotr I-iň permany bilen rus raýat alfawiti ulanyşa girizildi. Buthanalar häli-häzirem köne slawýan alfawitinden peýdalanýarlar.

1635-nji ýyl – kapdinal Rişelýe Fransiýanyň ylymlar akademiýasyny esaslandyrýar.

1616-nji ýyl – gollandiýaly deňiz syýahatçylary Ý. Lemer bilen W. Shauten Günorta Amerikanyň iň günorta nokadyna — Gorn burnuny açdylar.

Moldowa. Prokuratura işgärleriniň güni.

Ukraina. Ýangyn goragy işgärleriniň güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň