Arhiw

Balçy Berdimyrat Çolukowyň maslahatlaryndan

11:2429.01.2015
0
11935

Aşgabat, 29-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Bütin ömrüne diýen ýaly bal arysyny saklap gelýän Berdimyrat Çolukow bu önümiň saglyga peýdasy hakynda-da, onuň görnüşleri hakynda-da, hakyky baly nädip saýlamalydygy hakynda-da kän zat bilýär. Onuň gürrüňleri “Türkmenportalyň” okyjylaryny hem gyzyklandyrar diýen umyt bilen Berdimyrat aganyň maslahatlarynyň käbirini size hödürleýäris!

Ary balyna derman hökmünde garaň, ony günde iýiň, şonda dürli keseller sizden daşda durar. Ary baly witaminleriň aglabasyny özünde jemleýär. Şonuň üçin ol immun ulgamymyzy berkitmäge ýardam edýär. Günde säher bilen bir käse limonly çaýa bir çemçe bal garyp içiň, şonda beden berkligiňize goltgy berersiňiz.

Ýüzüňiziň hamy gurak bolanda, bir çemçe baly ösümlik ýagyna garyp, ýüzüňize ýapmagy we 15 minutdan mylaýym suwa ýuwup aýyrmagy maslahat berýärin.

Saç düşme ýoň bolanda, 3 çemçe baly bir çemçe ýag bilen 2 sany ýumurtga garmaly, garyndyny saçyňa çalyp, ýarym sagat saklamaly.

Ary ýelimi (propolis) garylan hoz ýagynyň 100 gramyny, 100 gram ary baly bilen garyp, eliňize çalyň we 20 minut saklaň, muny hepdede 2 gezekden 10 sapar gaýtalaň! Şeýtseňiz eliňiziň guraklygy aýrylar, dyrnaklaryňyzyň düýbi berkär.

10 gram gül tozgajyklaryny, 50 gram ary baly bilen garyň, üstüne 100 gram süýt guýuňda oňatja bulaň we holodilnikde goýuň! Şol garyndy ýürek agyrynyň dermanydyr, ony bir çemçeden günde 3 wagtyna içmeli.

Hakyky ary balyny saýlamak babatda şulary maslahat bereýin. Hakyky baly ýasama baldan nädip tapawutlandyrmaly? Ilki bilen balyň goňura ýakyn sary reňki bolmaly, şoňa üns beriň! Ikinjidenem, bir çemçe baly bir käse suwa garyň, şonda suw bulanyk reňk bermelidir.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň