Soňky habarlar

Arhiw

Grek-rim göreşi boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi

10:0829.01.2015
0
10368

Aşgabat, 29-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda ýerleşýän “Gökje” sport toplumynda grek-rim göreşi boýunça paýtagtymyzyň birinjiligi geçirilip, onda pälwanlar 10 agramda özara güýç synanyşdylar.

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebiniň pälwanlary ýeňiş yzyna ýeňiş gazandylar. Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Nepes Gukulowyň şägirtlerinden Döwran Myradow ýaryşyň iň kiçi agramynda (42 kg) ýeňşini baýram etdi. Şeýle-de ussat tälimçiniň şägirtlerinden Azimjan Rahmanow (46 kg) Amanberdi Agamämmedow (50 kg) we Kuwwat Ödäýew (54 kg) öz agramynda ýeňiji boldy. Emma 58 kilogram agramda çykyş edýän pälwanlaryň tutluşygynda ýagdaý üýtgedi, başa-baş göreş sport mekdebiniň tälimçisi Aýmyrat Öwlüýägulyýewiň şägirdi Seýdulla Täzäýew ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň ýeňişli ýoluna böwet bolmagy başardy. 63 kilogram agramda hem Seýdullanyň topardaşy Abdylla Paşagulyýew ýeňiji boldy. 69 we 46 kilogram agramlarda “Olimp” orta sport mekdebiniň türgenleri Röwşen Atabaýew bilen Kerim Akmyradow özleriniň bu agramda iň güýçlüdigini subut etdiler. Bu pälwanlary ýaryşa tälimçi Ahmet Rejebow we Sergeý Söýünow taýýarlady.

Agyr agramda başa-baş göreş sport mekdebiniň pälwanlaryna taý tapylmady. Has takygy 85 kilogram agramda Aşyr Melejiýew we 100 kilogram agramda Arslan Kulyýew hormat münberiniň çür başyna çykdy. Olary ýaryşa mekdebiň tälimçisi Aman Geldiýew taýýarlady.

Ýeňijilere Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň hormat hatlary we medallary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň