Aşgabatda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi açyldy

0
588
0
0

Aşgabat, 29-njy ýanwar. «Türkmenportal».

28-nji ýanwarda paýtagtyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň ilkinji halkara sergisi açyldy. Ol döwlet eýeçiligindäki kärhanalara we hususy telekeçilere öz önümlerini görkezmäge hem-de türkmen hünärmenlerine daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga oňaýly şertleri döretdi.

Sergide diňe Türkmenistanyň däl, eýsem, Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Hindistanyň, Belarusyň, Ermenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň döwrebap mebelleridir öý hojalyk harytlary görkezildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly goşant goşjak halkara sergisi 30-njy ýanwarda öz işini tamamlar.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru