Türkiýede Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär

00:0029.01.2015
0
2585

Aşgabat, 28-nji ýanwar. «Türkmenportal».

«Türkiýede Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly, doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi we halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 28-nji ýanwarda bolup geçen duşuşykda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak we geljegi nazara almak bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek bilen baglylykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alyşdylar.

Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň gün tertibine energetika we ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlyk meseleleri hem girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň