Türkmenistanyň çempionyna häzirlikçe ýeňişli hasaby saklamak başardanok

21:1828.01.2015
0
2810

Aşgabat, 28-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Şu günler Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony “Altyn asyr” Antalýada (Türkiýe) okuw-türgenleşik işlerini geçmek bilen Aziýanyň toparlaryň arasyndaky ikinji derejeli kubogy bolan AFK-nyň kubogyna taýýarlyk görýär. 10-njy fewralda Aşgabatda “Al-Sakr” (Ýemen) bilen geçiriljek oýna taýýarlygyň çägindäki ýoldaşlyk duşuşygynda Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri mundan ozalky oýundaky ýaly ýeňişli hasaby saklap bilmediler. Biziň çempionymyz bu gezek Azerbaýjanyň ýokary ligasynda çykyş edýän “Gabala” bilen güýç synanyşdy.

Zaparožýäniň “Metallurgy” bilen geçirilen birinji oýunda (2:2) bolşy ýaly, “Altyn asyr” toparynyň merkezi goragçysy Parahat Jumanazarow ýene-de ilkinji bolup hasaby açdy (27-nji minut). 35-nji minutda “Altyn asyr” toparynyň ýene bir täze oýunçysy, HTTU-nyň düzüminde AFK-nyň prezidentiniň kubogynyň iň netijeli oýunçysynyň baýragyna mynasyp bolan Süleýman Muhadow hasaby 2:0-a ýetirdi. Şondan 5 minut soňra Jawid Guseýnow penaltiden bir gol salyp, arany ýygjamlatdy. Emma aradan bary-ýogy 2 minut geçensoň “Altyn asyryň” kapitany Ahmet Ataýew aratapawudy 2 pökgä ýetirdi.

Arakesmeden soňra Ruslan Fominiň tora salan 2 pökgüsi (54-nji we 63-nji minutlar) “Gabalanyň” futbolçylaryny ýeňilmekden halas etdi.

 “Altyn asyr” özüniň soňky ýoldaşlyk duşuşygyny 30-njy ýanwarda Makedoniýanyň klublarynyň biri bilen geçirmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň