Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň ajaýyp ýadygärlikleri bilen tanyşdylar

0
1860
1
1

Aşgabat, 28-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçylarynyň hem wekilleriniň, köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň, şeýle hem şäher jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň halkara sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.

Maryda şähere 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýen derejäniň berilmeginiň çäklerinde guralan dabaralaryň ilkinji çäresinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Makedoniýanyň, Türkmenistanyň hudožnikleriniň, keramikaçylaryň, suratçylaryň işleri hödürlendi. Serginiň açylan güni milli egin-eşikler, zergärçilik we haly önümleri, agaçdan hem ýüpekden ýasalan özboluşly işler bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Türki halklaryň durmuşyndan, däp-dessurlaryndan, sungatyndan, medeniýetde we sungatda ýeten häzirki üstünliklerinden söz açýan serginiň tematiki örüsi köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. Şeýle hem olar «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynda bolup, Soltan Sanjaryň mawzoleýi, Hoja Ýusup Hemedanynyň metjidi, Erkgala we Gyzgala ýaly ajaýyp arhitektura ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru