Soňky habarlar

Arhiw

“Kengurular” Aziýanyň Kubogyna tarap ýene bir ädim ätdiler

07:4928.01.2015
0
3110

Aşgabat, 28-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Awstraliýanyň ýygyndysynyň futbolçylary Ýaşyl yklymda geçirilýän XVI Aziýa Kubogynda finala çykdylar. Ýarym finalda “kengurular” 2:0 hasabynda BAE-niň toparyny ýeňlişe sezewar etmek bilen baş baýraga tarap ýene bir ädim ätdiler.

Şeýlelikde 31-nji ýanwarda geçjek finalda awstraliýalylar Yragyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstü çykan koreýalylar bilen duşuşar.

Awstraliýa heniz Aziýanyň Kubogynda ýeňiji bolup görmändi. 4 ýyl mundan ozal Katarda geçen şeýle derejeli ýaryşda Awstraliýanyň ýygyndysy finala çykan-da bolda duşuşygyň goşmaça wagtynda Ýaponiýanyň toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlip kümüş medala mynasyp bolupdy.

Koreýanyň ýygyndysy bolsa Aziýanyň Kubogynda 1956-njy we 1960-njy ýyllarda ýeňiş gazanypdy.

Aziýanyň Kubogynda iň köp ýeňiji bolan topar Ýaponiýadyr. Günüň dogýan ýurdunyň futbolçylary bu baýraga dört gezek eýe çykypdylar.

30-njy ýanwarda geçiriljek üçünji orun ugrundaky duşuşykda BAE-niň we Yragyň ýygyndylary duşuşar.

Maglumat toplamagy halaýanlara Aziýanyň Kubogy — 2015-iň ikinji ýarym finalynyň maglumatlarydyr netijelerini hödürleýäris.

Aziýanyň Kubogy — 2015. 27-nji ýanwar. Nýukasl. “Nýukasl Stedium” stadiony. 21079 tomaşaçy.

AWSTRALIÝA — BAE — 2:0 (2:0)

Pökgüleri geçirenler: Seýnsberi (3) — 1:0, Dewidson (14) — 2:0.

Awstraliýa: Raýan, Franiç, Spiranowiç, Seýnsberi, Dewidson, Milligan (Makkeý, 58), Ýedinak, Luongo, Kruz (Troizi, 82), Kehill (Juriç, 67), Leki.

BAE: Naser, Abdelaziz, Mohamed, Mohanad, Abbas (Saleh, 78), Esmail, Amer, Mabhut Ali, O. Abdulrahman, M. Abdulrahman (Al-Hammadi, 46), Halil (Al-Kasari, 65.)

Duýduryş alanlar: Leki (42), Ýedinak (64).

Emin: Rawşan Irmatow (Özbegistan).    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň