Türkmenistan “Hazar deňzi — 2015” Halkara bäsleşigine gatnaşar

0
668
0
0

Aşgabat, 28-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda hazaryň suw giňişliginde kenarýaka we ýörite söweş taýýarlygy meýdanlarynda hazarýaka ýurtlaryň harby-deňiz güýçleriniň “Hazar deňzi — 2015” atly ilkinji Halkara bäsleşigi geçiriler. Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň gatnaşjak bu bäsleşiginde Hazar flotiliýasy öz söweş başarnyklaryny görkezer.

Birinji tapgyrda pyýada deňiz birikmeleri dürslük we çalasynlyk boýunça bäsleşerler. Ikinji tapgyrda suwüsti gämileriň ekipažlaryna harby nyşanaly urup, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek garaşýar. Üçünji tapgyrda harbylar agyrlyk daşlaryny götermekde, suwda ýüzmekde we bäş kilometr ýöriş etmekde öz beden taýýarlyklarynyň mümkinçiliklerini görkezerler.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru