Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen güni bilen gutlady

01:4827.01.2015
0
4571

Aşgabat, 27-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün Türkmenistanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 23 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly sene mynasybetli watan goragçylaryna Gutlag ýollady.

“Türkmen halky gaýduwsyzlygy we edermenligi hemişe ynsanyň iň gowy häsiýetleri hasaplapdyr. Bu ajaýyp ýol-ýörelgeler häzir hem mynasyp dowam etdirilýär. Täze taryhy döwürde milli goşunymyz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, harby däp-dessurlaryny dowam edip, kämilleşdirip, goranyş häsiýetli goşuna öwrüldi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredileninden bäri geçen 23 ýylyň dowamynda iri möçberli harby özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny, harby kuwwatyny we söweşjeň taýýarlyk derejesini artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, milli harby hünärmenleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Harby gullukçylaryň iş, gulluk, durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, täze binalar we desgalar gurlup, ulanmaga berilýär.

Döwletimiz geljekde hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalary üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns berer” diýip, milletiň Lideri öz Gutlagynda belledi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň