Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Maryda şäheriň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar başlanýar

01:4427.01.2015
0
3921

Aşgabat, 27-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün Maryda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar başlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutany öz Gutlagynda: “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Merw dürli müňýyllyklarda özboluşly medeniýetleriň merkezine öwrülipdir. Bu toprakda uly kerwensaraýlar, bazarlar, mähelleli çaýhanalar, metjitler, medreseler bolup, olar öz döwründe jemgyýetçilik pikiriniň emele gelmegine uly täsirini ýetiripdirler. Orta asyrlarda Maryda ajaýyp ylmy ojaklar hasaplanylan we umumadamzat ylmyna uly goşant goşan örän iri kitaphanalar bolupdyr.

Bu kitaphanalaryň hyzmatyndan jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň erkin peýdalanyp bilmegi türkmen topragynda kitaba, ylma, medeniýete örän uly sarpa goýýan, onuň gadyr-gymmatyny bilýän adamlaryň ýaşandygyna şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin hem, bu şäher 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen bolsa, onuň 2015-nji ýylda Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly manysy bardyr.

Çünki bu ýerde, gadymy döwürlerdäki ýaly, häzirki döwürde hem halklaryň medeniýetlerini özara baýlaşdyrýan möhüm merkez emele geldi. Munuň şeýledigini 2015-nji ýylyň dowamynda Mary şäheriniň türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek ýigrimä golaý çäräniň mazmuny hem doly subut edýär” diýip belledi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň