Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy awtoulaglary, kompýuterleri, mebelleri, durmuş enjamlaryny auksiona çykarýar

01:4027.01.2015
0
9893

Aşgabat, 27-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

14-nji ýanwarda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy isleg bildirýänleriň ählisini açyk auksiona gatnaşmaga çagyrýar. Satuwa awtoulaglar, kompýuterler, mebeller, durmuş enjamlary… çykarylar.

Auksiona gatnaşmak isleýänlere öz adyny görkezip, 11-nji fewrala, has anygy şol gün sagat 13.00 çenli +993 65 03-25-75 belgili nomere SMS ibermek hökmanydyr.

Tölegler doly we bir wagtda ABŞ-nyň dollarynda auksionyň geçirilýän güni (14.02.2015) sagat 15.00-dan 17.00-a çenli geçirilýär. Satyn alnan emläk 2015-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykarylar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy auksiona gatnaşjaklardan öz ýanlary bilen uly sumkalary we paketleri almazlygy haýyş edýär.

Auksion Arçabil şaýoly — 28 salgysy boýunça geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň