Aziýanyň Kubogy — 2015: ilkinji finalçy belli boldy

18:1926.01.2015
0
3130

Aşgabat, 26-njy ýanwary. “Türkmenportal”.

Awstraliýada dowam edýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda şu gün ilkinji finalçy belli boldy. Şeýle hormata Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy mynasyp boldy.

Ikinji finalçy 27-nji ýanwarda mälim ediler. Awstraliýa — BAE duşuşygynyň ýeňijisi finalda koreýaly futbolçylar bilen duşuşar.

3-nji orun ugrundaky oýun we final degişlilikde 30-njy we 31-nji ýanwarda geçiriler.

Maglumat toplamagy halaýanlara ilkinji ýarym finalyň maglumatdyr netijelerini hödürleýäris.

Aziýanyň Kubogy —2015. 26-njy ýanwar. Sidneý. “Awstraliýa Stedium”. 36 053 tomaşaçy. 

Koreýa Respublikasy — Yrak — 2:0 (1:0)

Pökgini geçirenler: Li Jonhýop (20) — 1:0, Kim Ýon Gwon (50) — 2:0.

Koreýa Respublikasy: Kim Jin Hýon, Kim Jin Su, Kwak Taehwi, Kim Ýon Gwon, Ça Du Ri, Pak Ju Ho, Son Hýon Min, Ham Tae Hi (Jan Hýunsu, 81), Han Kýo Won (Li Kýun Ho, 46), Ki Sun Ýon (Han Kuk Ýon, 90+3), Li Jonhýop.

Yrak: Jalal Hassan Haşim, Ahmed Ibrahim, Salam Şakir, Durgam Ismael, Walid Salim Al-Lami, Amdžed Kalaf Al-Muntafik, Ahmed Ýasin Heni (Ali Adnan Kadhim, 63), Osamah Jabbar Şafik (Mahdi Kamil Şil Tah, 63), Alaa Abdulzehra (Marwan Husseýn, 77), Saad Abdulamir, Ýunus Mahmud.

Duýduryş alanlar: Ki Sun Ýon (7), Pak Ju Ho (40), Kim Jin Su (56).

Emin: Rýuji Sato (Ýaponiýa).    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň