Soňky habarlar

Arhiw

Zepp Blatter: “Meniň wezipäm heniz tamamlananok”

18:1826.01.2015
0
2739

Aşgabat, 26-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysy Zepp Blatter öz kandidaturasyny bu guramanyň prezidentiniň bassyr bäşinji saýlawlaryna hödürlemegiň sebäpleri barada gürrüň berdi we Ýewropanyň futbol assosiasiýalary birleşigini (UEFA) tankytlady.

—Men saýlawlara hiç hili tolgunmany başdan geçirmän, öte arkaýyn barýan, heniz meniň wezipäm tamamlananok ahyry. Milli federasiýalar meniň  kandidaturamy goýmagymy haýyş etdiler, şeýle seretseň, menden güýçli dalaşgär ýok ahyry.

Menden dynmak isleýänleriň ählisi saýlawlara gatnaşmaly, garşyma gidýänler we UEFA bu meselede diýseň batyrgaý. Şeýle bolýan bolsa, olar hormat goýup, maňa öz işimi dowam etdirmäge mümkinçilik bermeli — diýip Blatter belledi.

FIFA-nyň öňki baş sekretary Žeram Şampan, Iordaniýanyň şazadasy Ali bin Al-Huseýn we Fransiýanyň ýygyndy toparynyň öňki futbolçysy Dawid Žinola FIFA-nyň prezidentiniň saýlawlarynda Blatteriň garşydaşlary bolarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň