Arkalaşygyň Kubogy — 2015: baş baýrak Afrika gitdi

18:1726.01.2015
0
3224

Sankt-Peterburg, 26-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Ýekşenbe güni ýaryşyň finaly geçirildi. Onda GAR we Finlýandiýanyň ýygyndylary duşuşdylar. Oýun 2:1 hasabynda günorta afrikalylaryň peýdasyna tamamlandy. Gyzykly ýeri, finalçylaryň ikisi-de Arkalaşygyň Kubogyna ilkinji gezek gatnaşdy.

Final duşuşykdan soň, XXIII halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy. Onuň barşynda baýrakly orunlary eýelänler we aýratyn tapawutlanan oýunçylar sylaglanyldy. Wladislaw Wasilýuçege (Belarus) iň gowy derwezeçä, Dani Hatakkä (Finlýandiýa) iň gowy goragça, Mostah Ýakubä (Finlýandiýa) iň gowy ýarym goragça, Pule Maraýsanä (GAR) iň gowy hüjümçi, Moçeka Madişa bolsa (GAR) iň gowy oýunça niýetlenen baýraklar gowşuryldy.

5 pökgi geçiren Alekseý Ýewseýew (Russiýa) iň netijeli hüjümçi boldy. Ýaryşdan soň ol topardaşy, Baýramalyda önüp-ösen Jamaldin Hojanyýazow bilen Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçip ýören “Zenitiň” esasy düzümine biriger.

Maglumat toplamagy halaýanlar üçin Arkalaşygyň bu gezekki Kubogynyň finalynyň maglumatdyr netijelerini hödürleýäris.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015. 34-nji duşuşyk. Onunjy oýun güni.   

GAR — FINLÝANDIÝA — 2:1 (1:1)

2015-nji ýyl, 25-nji ýanwar, Sankt-Peterburg, Sport-konsert toplumy, 2500 tomaşaçy.

Eminler: Alekseý Suhoý, Raşid Abusuýew, Ýegor Bolhowitin.

GAR: Msibi, Seriba, Madişa (k), Leepile, Ngobo, Maraýsane, Modiba, Farmer, Buikanýu (Domingu, 67), Masiýa (Matabela, 84), Lýuthuli.

Baş tälimçi: Dewid Notuani.

Finlýandiýa: Eriksson, Hatakka, Wiitikko (Saarinen, 90), Ýakubi (k), Lassas, Howi, Woutilaýnen (Nurmos, 84), Anýamele, Hradeçki (Teýlor, 63), Oýala (Soýri, 34; Tuominen, 73), Rahimi (Tamminen, 34; Aaltonen, 82).

Baş tälimçi: Tommi Kautonen.

Pökgüleri geçirenler: Madişa (15), Tamminen (38), Maraýsane (78).

Duýduryş alanlar: Seriba (60), Wiitikko (82), Howi (87), Ýakubi (88).

Iň gowy oýunçylar: Maphosa Modiba, Mostah Ýakubi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň