50 müň sözi, täze adalgalary we söz düzümlerini özünde jemleýän Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi çapa taýýarlanylýar

10:1126.01.2015
0
25567

Aşgabat, 25-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi çapa taýýarlanylýar.

Şu maksat bilen, dilçilerden — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň esasy hünärmenlerinden ybarat ýörite iş topary döredildi. Bu topar 50 müň sözi, täze adalgalary we söz düzümlerini özünde jemleýän Düşündirişli sözlük işlenip taýýarlanyldy.

Çap edilmezden ozal, täze sözlük syn bermek üçin ýörite toparyň garamagyna hödürleniler.

Düşündirişli sözlük kada salnan leksikografik neşir hökmünde uly ähmiýete eýe bolar. Onda häzirki zaman türkmen diliniň leksikasy dolulygyna diýen ýaly öz beýanyny tapar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň