Gar we doňaklyk — sürüjiler üçin hakyky synag

0
608
0
0

Aşgabat, 26-njy ýanwary. “Türkmenportal”.

Garly we sürçek ýollarda ulagy dolandyrmak awtoulag sürüjiler üçin hakyky synag we kellagyry bolup durýar. Elbetde, ulag serişdeleriniň käbir görnüşine garly ýol laýyk gelýär, beýlekileri bolsa, tersine, awtoulagy gözegçilikde saklamak üçin taýýarlygy hem tejribäni talap edýär. Sürçek ýolda özüňi nähili alyp barmalydygy barada professionallar sürüjilere şeýle maslahat berýärler:

Sürüjilere 5 maslahat

1.Öz awtoulagyňyzyň wagtly-wagtynda hyzmat edilip durulýandygyna magt göz ýetiriň. Ulagyň gözden geçirilip durulmagy esasy meseleleriň biridir. Akkumulýatorlaryň batareýalarynyň, sowuklyk paýlaýjy ulgamyň, aýna arassalaýjylaryň saz işleýändigine göz ýetiriň. Tirkege we bejerişe çykdajy edeniňizden, öz ulagyňyzyň hyzmatyna köpräk pul harçlanyňyz gowydyr.

2.Teker üçin gyş örtügini satyn alyň. Bu meselede pul tygşytlajak bolmaň. Gyş örtükleriniň ýörite üsti galyň bölegi bolup, munuň özi ulag serişdesine garda gowy ýöremegi we ýol bilen aňsat sepleşmegi üpjün eder.

3.Öňüňize serediň we özüňizden öňde barýan beýleki ulag serişdeleri bilen howpsuz aralygy saklaň (tomusda saklaýan aralygyňyzdan hem iki esse). Öňüňizden barýan ulag serişdelerine we togtaýyş-duýduryş yşyklaryna (stop-signal) ünslüräk boluň. Eger bolmalysy ýaly aralygy saklasaňyz, gerek bolanda, gyssagly ýagdaýda tormaza münmeli bolmaň, ulagy endigan saklap bilersiňiz.

4.Ulagy duruzmaga öňünden taýýarlanyp, ony çalt hem däl-de, duýdansyz endigan we ýuwaş-ýuwaşdan saklaň. Eger siziň awtoulagyňyz tormazyň antiblokirleýji gurluşy bilen üpjün edilen bolsa ulagy saklamak üçin iň gowy edip biläýjek zadyňyz tormazyň pedalyna yzygiderli basyp durmakda jemlenýär.

5.Umuman, her gezek sürçek ýoldaky hereketiň başynda ulagyň şeýle ýolda özüni nähili alyp barýandygyny barlamak üçin ýeňilräk, ýöne birden tormaza basyp görmeli. Bu maslahat diňe gyşda däl, eýsem, çyg bolan ýollarda hem ulanarlyklydyr.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru