Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edileniniň 20 ýyllygy belleniler

0
574
0
0

Aşgabat, 25-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edileniniň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy işlenip düzüldi. Onuň çäklerinde iýul aýynda BSG-niň garamagynda wekilçilikli forumynyň şeýle hem “Saglyk — 2015” halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtlarda biziň ýurdumyzyň saglygy goraýyşda we derman senagatynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere halkara bilermenleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmagy bellenilýär. Şeýle hem ylmy maslahatlaryň, köpçülikleýin çäreleriň işine ilatyň giň gatlagy çekiler.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru