Ahmet Agamyradow: “Toparymyz heniz çalasyn futbol oýnamaga taýýar däl”

09:4026.01.2015
0
3997

Sankt-Peterburg, 26-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň ýaşlary ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de Belarusdan asgyn gelnen (0:4) 3-nji orun ugrundaky duşuşygyň güýçleri aýyl-saýyl edýän netije bilen tamamlanandygyny belledi.

—Kärdeşimi ýeňiş we hormat münberindäki baýrakly orun bilen gutlaýaryn — diýip, A. Agamyradow oýundan soňky metbugat maslahatynda aýtdy. — Öňem belläpdim, häzirem nygtaýan Belarusyň ýygyndysy Arkalaşygyň Kubogyny eýelemeli toparlaryň biridi. Şonuň üçin olar has ýokary basgançaga mynasypdyrlar. Duşuşyk barada aýtsam, netije oýna görä boldy. Biziň toparymyz on günüň dowamynda çalasyn hereket etmäge heniz taýýar däl.

—Näme üçin beýle boldy?

—Oglanlarymyz ruhy we fiziki taýdan örän ýadadylar. Oýunçylarymyzyň käbirinde biz eýýäm şu ýaryşda ýetjek derejämize ýetdik diýen pikiriň dörän bolmagy ähtimal. Men olary günäkärlejek bolamok, dogrusyny aýtsam, finler we belaruslar bizden güýçli.

—Siz Belarusyň ýygyndysy ýaryşyň ýeňijisi bolmaga mynasyp diýdiňiz. Olara garşy nähili oýnamagy meýilleşdirdiňiz?

—Islendik ýagdaýda ýeňiş gazanyp boljagyna ynanmaly, oňat netije hakynda piker etmeli. Meýlimiz bolsa birdi: futbolçylar üçin höweslendiriji sözleri tapyp, olary kanagatlanarly netijä ruhlandyrmakdy. Men ähli ýadawlyga garamazdan, mynasyp oýnamagy haýyş etdim.

—Arlakaşygyň Kubogy bilen bir wagtda dünýäniň iki iri ýaryşy: Afrikanyň we Aziýanyň Kuboklary geçýär. Size bu bäsleşikleriň duşuşyklaryny synlamaga wagt boldumy?

—Ähli oýunlary synlamaga wagt ýok, oýun gününiň netijelerine göz aýlamaga ýetişýän diýäýmesem. Bu ýerde, elbetde Aziýanyň Kubogy üns merkezinde, çünki biz Aziýa futboluna wekilçilik edýäs ahyry.

—Derwezeçileriň oýnuna nähili baha berýärsiňiz?

—Elbetde, kanagatlanardan pes. Olaryň hiç biri bize gerek oýny görkezip bilmedi. Iň zehinlisi birinji derwezeçimiz. Ýöne, gynansak-da, onuň oýun tejribesi ýok. Ol Russiýada okaýar we diňe öz institutynyň toparynda çykyş edýär. Ikinji derwezeçimiz — asla gögele, ol heniz köp işlemeli. Köp ýalňyşýar, finler bilenem gerekmejek pökgini goýberdi. Şu günki derwezeçimize-de oýun tejribesi ýetenok, ol toparynda üçünji derwezeçi bolup durýar.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň