Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn asyr” “Metallurg” bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňşi elden giderdi

15:3525.01.2015
0
2788

Aşgabat, 25-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

 Türkmenistanyň çempiony, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda ýurdumyza wekilçilik etjek paýtagtyň “Altyn asyry” Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçip ýör. Jogapkärli ýaryşa taýýarlygyň çäklerinde ildeşlerimiz ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirmegi meýilleşdirdiler. Olaryň ilkinjisinde “Altyn asyr” Zaporožýäniň “Metallurgy” bilen duşuşdy.

Türkmen futbolçylary ilkinji bolup öňe çykdylar. 45-nji minutda topara täze goşulan merkezi goragçy Parahat Jumanazarow tapawutlandy.

Ukrainaly futbolçylara 69-njy minutda hasaby deňlemek başartdy. “Altyn asyryň” derwezesine bellenen 11 metrlik urgyny Dmitriý Kolodin dürs ýerine ýetirdi. Ildeşlerimize 74-nji minutda ýeňiş gazanmaga ajaýyp mümkinçilik döredi. Ýöne Bagtyýar Hojaahmedow 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Türkiýä ugramazdan ozal Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky topar paýtagtyň adybir topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Oýun 0:0 hasabynda tamamlandy.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň