Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň we ýer ýüzüniň ähli halklarynyň bagtly hem Abadan durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna neşekeşlige garşy göreş

11:2025.01.2015
0
3537

Aşgabat, 25-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

24-nji ýanwarda paýtagtyň “Mekan” köşgünde “Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet” ady bilen duşuşyk geçirildi. Ol sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyna, dünýä möçberindäki wehim bolan neşekeşlik we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak baradaky meselä bagyşlandy.

19-njy ýanwarda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hukuk goraýjy edaralaryň, ýerlerdäki öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde dünýä möçberindäki wehim bolan neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrobandasyna garşy göreş çärelerini güýçlendirmek boýunça anyk wezipeleri goýdy.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça geçirilen duşuşyga milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we edaralaryň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Döwlet baştutanynyň üns-aladasy netijesinde Türkmenistanda neşekeşlik ýaly bütindünýä möçberli wehime garşy göreşmekde giň gerimli düşündiriş-öňüni alyş çäreleri amala aşyrylýar. Bu ilkinji nobatda ýaşlaryň, ýetginjekleriň, çagalaryň arasynda guralýan çäreleri öz içine alýar. Ilat arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän wagyz-nesihat işlerine hukuk goraýjy we lukmançylyk edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri işjeň çekilýär.

Biziň ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Biziň sagdyn jemgyýetimiziň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan adamzat üçin iň howply wehim hasaplanýan neşekeşlige garşy göreşde netijeli işleri amala aşyrmagyny dowam etdirýär.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň