Şu gün Bütindünýä gyşky Uniwersiada badalga alýar

17:4624.01.2015
0
2533

Aşgabat, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün Slowakiýada XXVII Bütindünýä gyşky Uniwersiada badalga berler. Açylyş dabarasy ýurduň lyža sporty merkezleriniň biri bolan Ştrbsk Pleso stadionynda geçiriler. Bu dabaraly şärä dünýäniň 31 ýurdundan 400 töweregi türgen gatnaşar.

Gyşky Uniwersiadany ilkibaşda Granadada (Ispaniýa) geçirmek meýilleşdirilipdi. Ýöne ýer eýeleriniň maliýe kynçylyklaryny göz öňünde tutup, Talyplar sportunyň halkara federasiýasy ýaryşlaryň demirgazyk görnüşlerini we biatlony Slowakiýada — Ştrbsk Pleso hem Osrbli gyşky oýunlar merkezlerinde geçirmek kararyna geldi.

Slowakiýada sportuň dört görnüşi: lyža bäsleşigi, iki görnüşli ýaryş, belentlikden bökmek we biatlon boýunça bäsleşiler. Bu görnüşlerde 23 medal ugrunda göreşiler. Uniwersiadanyň Slowakiýadaky böleginiň ýapylyş dabarasy 1-nji fewralda geçiriler.

Granada-da bolsa hokkeý, kýorling, figuralaýyn typmak, snaubord, daglykdaky lyža fristaýl, şort-trek boýunça ýaryşlar geçiriler. Uniwersiadanyň ispan böleginiň dabaraly açylyşy 4-nji fewralda Granada-da geçiriler. Ýaryşlar bolsa 14-nji fewralda tamamlanar.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň