Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Agamyradow: “Biziň üçin ýarym finala çykmagyň özi eýýäm uly üstünlik”

16:2824.01.2015
0
4154

Sankt-Peterburg, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de finlýandiýanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirilen duşuşyk şowsuz tamamlanansoň (0:4), Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow birneme lapykeç halda göründi.

—Garşydaşlarymyzy finala çykmagy bilen gutlaýaryn — diýip, ol oýundan soňky metbugat maslahatynda aýtdy. Görşüňiz ýaly, biziň toparçamyz ýaryşdaky iň güýçli toparça bolup çykdy, ondan üç toparyň ýarym finala çykmagy-da muňa güwä geçýär. Bir ýagdaý, şeýle uly hasap bilen ýeňilmegimiz lapymy keç edýär. Elbetde, garşydaşymyzyň güýçli topardygyna söz ýok.

—Arakesmä 5 minut galanda oýunçy çalyşmagyňyza, soňra ikinji ýarym başlaýan badyna onuň ýerine ýene birini meýdana goýbermegiňize name sebäp boldy?

—Oýunçy çalşygy netijesinde meýdana giren biziň esasy düzümimiziň futbolçysy. Beýle şikesler tiz geçmeýär, oňa gyssagarada em edip hem bolmaýar, ýöne oýunçynyň özi oýnamaga taýýardygyny aýtdy. Ol — biziň toparymyz üçin wajyp oýunçy. Şonuň üçin biz oňa mümkinçilik berdik. Ýöne onuň doly güýjünde oýnamaga heniz taýýar däldigi görnüp durdy.

—Siz finleriň oýnuň başyndaky güýçli hüjümlerine taýýar däl ýaly göründiňiz…

—Ýok biz taýýardyk. Munuň hut şeýle bolmagyna-da garaşypdyk. Ýöne oglanlar beden taýýarlyklarynyň mümkinçiliklerini aňryýany bilen sarp edipdiler. Şonuň üçin olaryň bu oýna güýji ýetmedi. Ätiýaçda oturanlar bolsa oýny güýçlendirip biljek däldi, olar has ýaş oglanlar bolup, meýdançadakylaryň ornuny tutup biljek däldiler.

—Muňa garamazdan, birinji pökgini geçirdeniňizden soň, oýny öz eliňize alan ýalam etdiňiz, tapawutlanmaga-da mümkinçiligiňiz boldy. Name päsgel berdi?

—Bu, belki, size şeýle ýaly bolup görnendir.

—Netijeleri hasaba almanymyzda bu ýaryş size name berdi?

—Biziň üçin ýarym finala çykmagyň özi eýýäm uly üstünlik. Muňa göz ýetirmek üçin bu ýaryşdaky soňky ýyllardaky çykyşlara ser salmagam ýeterlik. Şol sebäpli ýarym finaldaky uly hasapdaky ýeňlişe garamazdan, toparyň çykyşy oňat baha mynasyp. Şeýle derejedäki ýaryş bolsa ýaş oglanlar üçin diýseň gymmatly tejribe bolup durýar.                   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň