Türkmenistanda gar ýagdy ýa-da gar tozgalary barada gyzykly maglumatlar

0
1359
0
0

Aşgabat, 24-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Howa maglumatynyň hünärmenleriniň berýän habaryna görä, günüň dowamynda Aşgabadyň asmany bulutlara örtüler. Irdenki gar günorta golaý birneme köşeşse-de, giç agşama çenli dowam eder. Ýurduň beýleki sebitlerinde  hem maýyl günleriň ornuna gyşyň sowugy geldi. Gyşyň şu gününde gar tozgalary baradaky gyzykly maglumatlary size hödürleýäris.

Beýik astronom Iogann Kepler ösüşiň «Alty gyraňly gar tozgalary hakyndaky Täze ýyl peşgeşi» atly ylmy eserinde kristallaryň şekilini Taňrynyň erk-islegi hökmünde düşündirdi. Ýapon alymy Nakaýa Ukitiro bolsa gara «Syrly harplar bilen ýazylan Asmandan inen hat» diýdi. Ol ilkinji bolup gar tozgalaryny toparlara böldi. Hokkaýdo adasynda ýerleşen dünýädaäki ýeke-täk gar tozgalary muzeýi hem Nokaýyň adyny göterýär.

***

Ýyldyz görnüşli çylşyrymly gar tozgalary saýgaryp bolýan geometrik gurluşy bilen tapawutlanýar. Şeýle gurluşlaryň nusgalary, fizik Jon Nelsonyň pikirine görä, älem-jahanda synlanýan atomlardan hem köpdür.

***

Iň iri gar tozgasy 1887-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Fort-Keoda (Montana, ABŞ) hasaba alyndy. Onuň diametri 15 dýuýma deňdir.

***

Adaty gar tozgasynyň agramy takmynan milligramdyr (seýrek ýagdaýda 2-3 milligram bolmagy mümkin). Ýöne kadadan çykmalar hem bolýar. 1944-nji ýylyň 30-njy aprelinde Moskwada iň iri gar tozgalary hasaba alyndy. Eliňe alanyňda, ol tutuş aýaňy doldurýardy we düýeguşuň ýeleklerini ýatladýardy.

***

Gar tozgasy 95% howadan ybaratdyr. Munuň özi pes dykyzlygy alamatlandyryp, onuň ýere haýal gaçmagyny şertlendirýär (sagatda 0,9 km).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru