Astrahanly syýahatçylar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alarlar

0
1067
1
0

Aşgabat, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly Mekan Işangulyýew bilen duşuşygynyň barşynda astrahanly syýahatçylaryň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyny guramak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Awaza — Hazar deňziniň gündogaryndaky şypahana bolup, Türkmenbaşy şäherinden 12 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ajaýyp behişdi deňiz künjegi 16 kilometre uzalyp gidýär. Bu ýerde dünýä derejeli myhmanhanalar we bejeriş-sagaldyş desgalary, gurlup, ulanylmaga berildi. 7 kilometre uzaýan emeli derýa, onuň kenaryndaky kaşaň restoran we kafe bu ýere gelýänleriň hyzmatynda. “Awazadaky” gurluşyklary arhitektorlar 2020-nji ýylda tamamlamagy göz öňünde tutýarlar diýip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly Astrahan oblastynyň gubernatoryna habar berdi.

Ýolagçylaryň gatnawyny ýanwarda ilkinji gezek ýüzüşe çykan “Berkarar” gämisi amala aşyrar. Mundan başga-da, häzirki wagtda Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda howa gatnawyny ýola goýmagyň meselelerine seredilýär. Bu barada “Astrahan FM” habarlar gullugy belleýär.         

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru